Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigine girdi

  • 21.12.2024 09:29
  • 8.9k+

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň çözgüdi bilen abraýly halkara birleşigiň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi. Degişli şahadatnama 18-nji dekabrda Almaty şäherinde (Gazagystan) Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynda birleşigiň nobatdaky mejlisinde gowşuryldy.

Şahadatnama Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň ýolbaşçysy K.Zakirýanow tarapyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna wekilçilik edýän Talyplar sport klubunyň başlygy, Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi S.Gurdowa dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigi (International Association of Universities of Physical Culture and Sport) dünýä jemgyýetçiliginiň öňdebaryjy 60-dan gowrak bedenterbiýe we sport ugurly ýokary okuw mekdeplerini özüne birleşdirip, bilelikde ylmy-barlag işleri geçirmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen döredilendir. Birleşigiň esasy wezipesi bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetini dünýä derejesinde ýokarlandyrmakdan, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna goşant goşmakdan ybaratdyr.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edilmegi bedenterbiýe we sportda dünýäniň ösen tejribesiniň, innowasion tehnologiýalaryň hem-de häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň netijeli öwrenilmegi üçin möhümdir.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......