“Formula-1-iň” meksikaly ýaryşa gatnaşyjysy Serhio Peres “Red Bull” toparyndan gidýär

  • 20.12.2024 12:06
  • 1.7k+

“Formula-1-iň” meksikaly ýaryşa gatnaşyjysy Serhio Peres “Red Bull” toparyndan gidýändigini mälim etdi diýip, TASS habar berýär.

“Geçen dört ýyl üçin minnetdar, “Red Bull”. Size gowulyklary arzuw edýärin” – diýip, Peres Instagram-da hoşlaşyk habarynda ýazdy.

Peres bu topara 2021-nji ýylda goşuldy. Onuň iň uly üstünligi 2023-nji ýyl möwsüminde dünýäniň wise-çempiony titulyny gazanmagy boldy. 2022-nji ýylda ol umumy hasapda üçünji orny eýeledi.
Öň, Peres “Zauber”, “Maklaren”, “Fors Indiýa” we “Reýsing poýnt” ýaly toparlarda çykyş etdi.
“Formula-1-däki” karýerasynyň dowamynda 34 ýaşly Serhio Peres alty ýeňiş gazandy we 39 gezek münbere çykdy. Ol “Red Bulluň” düzüminde Maks Werstappen bilen bilelikde çykyş etdi. Ýaryşa gatnaşyjylar bilelikde iki gezek – 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Konstruktorlaryň kubogynda ýeňiji boldular.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....