Alymlar güýçli Gün alawlarynyň pikir edilişinden has ýygy ýüze çykýandygyny belleýärler

  • 19.12.2024 13:01
  • 5.4k+

Täze geçirilen barlaglar elektro ulgamlarda, hemra we aragatnaşyk ulgamlarynda bökdençlik döredip bilýän weýran ediji Gün alawlarynyň, ozal pikir edilişinden, has ýygy ýüze çykýandygyny görkezdi. Bu barada “Wokrug sweta” neşiri ýazýar.

Häzirki zaman tehnologiýalary Gün radiasiýasyny has takyk öwrenmäge mümkinçilik berýär. Alymlar Güne meňzeş 56 450 sany ýyldyz baradaky maglumatlary seljerdiler. NASA-nyň “Kepler” teleskopy tarapyndan 5 ýylyň dowamynda alnan maglumatlar ulanyldy. Hasaplamalar şeýle ýyldyzlarda güýçli alawlaryň, takmynan, ýüz ýyldan bir gezek ýüze çykýandygyny görkezdi.
Maks Plank institutyndan doktor Natali Kriwowanyň sözlerine görä, şular ýaly wakalar häzirki zaman infrastrukturasy üçin çynlakaý kynçylyk döredip biler. Maglumatlaryň seljermesi Gün alawlarynyň 1 kwintillion joul energiýany çykaryp biljekdigini görkezdi. Bu köp telegraf liniýalaryny weýran eden 1859-njy ýyldaky alawdan 100 esse ýokarydyr. Bu hadysa taryhda “Karrington wakasy” we “Gün super alawy” hökmünde hasaba alyndy.
Hünärmenler şeýle hadysalaryň geçmişde hem ýüze çykandygyny belleýärler. Soňky 12 000 ýylyň içinde Gün bäş sany güýçli alawy başdan geçirdi, olaryň iň güýçlüsi 775-nji ýylda bolupdy. Bu gerimdäki wakalar, takmynan, 1500 ýyldan bir gezek bolýar.
Alawlaryň netijesine 1989-njy ýylda Kwebekde bolşy ýaly elektrik togunyň we 2003-nji ýylda Şwesiýada bolşy ýaly aragatnaşygyň kesilmegi görnüşindäki wakalar girýär.
Töwekgelçiligi azaltmak üçin Ýewropa kosmos agentligi 2031-nji ýylda Gün işjeňligine gözegçilik etjek we alawlary öňünden duýdurjak Vigil hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin elektrik setlerini we hemralary öňünden öçürmäge mümkinçilik berer.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....