Biologlar Atakama çöketliginiň 7900 metr çuňlugynda näbelli bir jandary tapdylar

  • 16.12.2024 22:48
  • 11k+

Milenio ummany öwreniş institutynyň (Çili) we Wuds Houl ummany öwreniş institutynyň (ABŞ) alymlary suwuň aşa çuňlugynda ýaşaýan täsin jandary suratlandyrdylar. Çiliniň kenaryndaky Atakama çöketliginiň 7902 metr çuňlugynda täze ýyrtyjy amfipod (olara gapdal ýüzüjiler hem diýilýär) tapyldy.

Barlagyň netijeleri Systematics and Biodiversity žurnalynda çap edildi.
Barlagçylar görnüşe Dulcibella camanchaca diýip at berdiler, bu And sebitiniň dillerinde “tümlük” diýmegi aňladýar. Uzynlygy dört santimetre barabar bolan amfipod gysgyja meňzeş aýaklary bilen beýleki leňňeçjikleri awlaýar. DNK-nyň seljermesi onuň diňe bir täze görnüş bolman, eýsem täze bir jynsdygyny hem tassyklady.
Beýleki çuň suwly çukurlardan tapawutlylykda, maslyk bilen iýmitlenmeýän, aw awlaýan ýyrtyjy amfipodlar (gapdal ýüzüjiler) Atakamada öň tapylmandy. Ýyrtyjy hadal zolakda ýaşamaga gowy uýgunlaşypdyr. Ol awuny - ownuk leňňeçleri, şol sanda beýleki gapdal ýüzüjileri-de gysgyja ýa-da pil gyýaklaryna meňzeş aýaklary bilen awlaýar.
Ýuwaş ummanynyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän Atakama çöketligi (Çili we Peru ternawy hem diýilýär) planetanyň iň çuň nokatlaryndan biridir. Iň agyr şertlere - doly tümlüge, sowukdygyna we ýokary basyşa garamazdan, bu zolak şeýle agyr şertlerde ýaşap bilýän endemiki görnüşlere baýdyr. Bu ýeriniň suwlary düýbüne çökýän ýokumly maddalara baý, şonuň üçin şol ýerde durmuş hasam gülläp ösýär.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......