Ruanda “Formula-1” Gran-prisini özünde geçirmek üçin resmi taýdan arza berdi

  • 16.12.2024 12:03
  • 1.4k+

Ruandanyň Prezidenti Pol Kagame ýurduň “Formula-1”-iň tapgyryny geçirmek üçin resmi taýdan ýüz tutandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ruanda çempionatyň ýolbaşçylary bilen işjeň gepleşikleri alyp barýar we ýaryşy guramak üçin zerur şertleri üpjün etmegi maksat edinýär diýip, Crash.net habar berýär.

Guramaçylar ýurduň paýtagty Kigaliden 40 km uzaklykda ýerleşýän Bugesera howa menziliniň golaýynda döwrebap stasionar ýaryş ýoluny gurmagy meýilleşdirýärler. 2 milliard dollarlyk täze howa menzili 2026-njy ýyla çenli ulanylmaga berler we ýaryşlary geçirmekde infrastrukturanyň möhüm bölegi bolar.

"Biz bu mümkinçilige çynlakaý çemeleşýäris hem-de Stefano Domenikali we “Formula-1” topary tarapyndan berilýän goldaw üçin minnetdardyrys. Biz ýaryşyň ruhuny Afrika gaýtaryp getirmek isleýäris "-diýip, Kagame belledi.

Eger teklip tassyklansa, Ruanda 1993-nji ýylda Günorta Afrikada geçirilen ýaryşdan bäri, Gran-Prini kabul eden ilkinji Afrika döwleti bolar.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....