18 ýaşly Gukeş Dommaraju küşt taryhynda iň ýaş dünýä çempiony boldy

  • 13.12.2024 10:10
  • 9.1k+

18 ýaşly hindistanly grossmeýster Gukeş Dommaraju taryhda küşt boýunça iň ýaş dünýä çempiony boldy. Ol küşt täji ugrundaky oýunda Hytaýyň wekili Din Liženi utdy diýip, Halkara küşt federasiýasy (FIDE) habar berdi.

Oýun 25-nji noýabrdan bäri Singapurda dowam etdi. Gukeş jemleýji, 14-nji döwde ýeňiş gazandy. Duşuşyk 7,5 : 6,5 hasabynda tamamlandy.
Şeýlelikde, hindistanly grossmeýster 1985-nji ýylda 22 ýaşynda dünýä çempiony bolan sowet we russiýaly küştçi Garri Kasparowyň ýaş rekordyny täzeledi.
Gukeş ýeňiş gazanandan soň, 2013 – 2023-nji ýyllarda dünýä çempiony bolan we höwesiniň ýoklugy sebäpli tituly goramakdan meýletin ýüz öwren norwegiýaly Magnus Karlseni güýç synanyşmaga çagyrdy.

“Görnüşi ýaly, dünýä çempiony bolmak, meniň dünýäde iň gowusydygymy aňlatmaýar. Magnus bar. Meni şeýle ýokary derejede ýerleşýän adam ruhlandyrýar. Men dünýäniň iň gowy oýunçysyna garşy öz güýjümi uly höwes bilen barlap görerdim” – diýip, täze çempion belledi.

Gukeş Dommaraju küşt boýunça 18-nji dünýä çempiony we bu titula ýeten Hindistanyň ikinji wekili boldy. Birinjisi Wişwanatan Anand bolupdy. 2024-nji ýylyň aprel aýynda Gukeş taryhda dalaşgärleriň ýaryşynyň iň ýaş ýeňijisi boldy – şol wagt ol 17 ýaşyndady.
1886-njy ýyldan bäri küşt boýunça dünýä çempionlary 26 adam boldy. 1993-nji ýyla çenli bu tituly 13 küştçi aldy, şondan soň küşt dünýäsinde bölünişik bolup geçdi – dünýä çempionlygy üçin aýratyn ýaryşlary FIDE (nokaut ulgamy) we Garri Kasparow bilen Naýjel Şortuň başlangyjy bilen döredilen Professional küşt assosiasiýasy (klassyky küşt) geçirýärdi.
1993-nji ýyldan 2006-njy ýyl aralygynda FIDE-niň wersiýasy boýunça alty küştçi, PKA-nyň wersiýasy boýunça iki küştçi dünýä çempionlary boldy. Dünýäniň iň ýaş çempiony 18 ýaşynda FIDE-niň wersiýasy boýunça titul alan ukrainaly Roman Ponomarýow boldy. Şol bir wagtyň özünde, ol 2002-nji ýylda ýeňiş gazanan wagty Gukeşden birnäçe aý ýaşdy. 

düýn 22:49
5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 18:18
3.3k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

düýn 13:39
9.2k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 10:20
2.2k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....