Mahaçew bilen dýu Plessi UFC-de “Ýylyň iň gowy sabmişeni” adyna dalaş edýärler

  • 11.12.2024 08:07
  • 11k+

Islam Mahaçew we Drikus dýu Plessi “Ýylyň sabmişeni” kategoriýasynda UFC-niň baýragyna dalaşgär boldular. Bu barada promouşeniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär.

Baýrak garşydaşyň agyryly ýa-da demikdiriji usulyň netijesinde boýun egmegi bilen gazanylan has netijeli möhletinden irki ýeňiş üçin berilýär.
Russiýaly söweşiji, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Mahaçew UFC 302 ýaryşynda geçirilen titul söweşinde Dastin Porýeni ýeňmäge kömek eden “D’Ars” demikdiriji usuly üçin dalaşgär görkezildi.


Günorta afrikaly söweşiji Drikus dýu Plessi täze zelandiýaly Israel Adesanýeni yzdan demikdiriji usul bilen ýeňdi. Ol UFC 305-de geçirilen şol söweşde orta agramda çempion titulyny üstünlikli gorady.
Beýleki dalaşgärler gijräk yglan ediler. Ses berişlik janköýerleriň arasynda bolar we 27-nji dekabrda geçiriler.


şu gün 14:40
1.9k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.6k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....