Dünýäde iň ygtybarsyz awtomobilleriň biri: ol kraş-synagynda nol ýyldyz aldy

  • 10.12.2024 19:10
  • 16k+

Renault Logan awtomobili Latin NCAP kraş synagyndan geçip bilmedi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Esasy komplektasiýaly awtomobil howpsuzlyk üçin mümkin bolan bäş ýyldyzdan hiç hili ýyldyz almady diýip, Tarantas.news habar berýär.

Latin NCAP-da sürüjiniň we uly ýaşly ýolagçylaryň gorag derejesine 32,8%, çagalaryňka 61,2%, pyýadalaryňka 46,3% diýlip baha berildi. Awtomobiliň işjeň howpsuzlyk ulgamlary 0% aldy.
Habarda awtomobiliň kuzowynyň gapdaldan urlan urga çydap bilmändigi-de aýdylýar.
Synaglar üçin dört howpsuzlyk ýassygy bolan model ulanyldy. Hünärmenler pes bahalaryň çaknyşmalarda goragyň ýeterlik däldigi we heläkçiligiň öňüni almagyň döwrebap ulgamlarynyň ýoklugy bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.

şu gün 08:11
776

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3.1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......