Umumy hasap ýene deňleşdi: Ližen 12-nji döwde Gukeşi utdy

  • 10.12.2024 08:07
  • 4.4k+

Küşt boýunça dünýa çempiony ady ugrundaky oýnuň 12-nji döwi tamamlandy. Bu gezek titulyň häzirki eýesi, hytaýly grossmeýster Din Ližen hindistanly bäsdeşi Gukeş Dommarajuny utdy. Oýunda umumy hasap ýene-de deňleşdi – 6:6.

Hytaýly küştçi 11-nji döwde utulandan bir gün soň utmagy başardy. Mundan öň garşydaşlar yzygider ýedi döw deňme-deň oýnadylar. 
9-njy dekabrda geçirilen 12-nji döwde Ližen eýýäm ilkinji göçümlerde garşydaşyna güýçli bäsdeşlik görkezip, kem-kemden artykmaçlygyny artdyrdy. Gukeş ahyryna çenli garşylyk görkezdi, ýöne ahyrsoňy ýagdaýyň gutulgysyzdygy düşnükli bolandan soň boýun egmeli boldy.
Oýnuň gutarmagyna iki döw galdy. Eger olaryň jemi boýunça ýeňijini kesgitlemek başartmasa, garşydaşlara taý-breýk (goşmaça oýun) garaşýar.
Ýatlap geçsek, dünýä çempiony tituly üçin ýaryşyň 138 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Aziýadan iki küştçi göreşýär. Oýun 23-nji noýabrdan 15-nji dekabr aralygynda Singapurdaky Resorts World Sentosa-da geçirilýär.

düýn 22:49
5.4k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 18:18
3.4k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

düýn 13:39
9.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 10:20
2.3k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....