Ilon Mask gitdigiçe baýaýar: onuň baýlygy 360 mlrd dollara ýetdi

  • 09.12.2024 17:22
  • 9.8k+

Ilon Mask uly tapawut bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde birinji orny saklamagyny dowam etdirýär. Onuň baýlygy 360 mlrd dollara ýetdi.

Bloomberg Billionaires Index-iň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda telekeçiniň baýlygy Tesla-nyň paýnamalarynyň gymmatlamagy netijesinde 130 mlrd dollar artdy. Bu kompaniýada Mask esasy paýdardyr. Ýylyň başyndan bäri paýnamalaryň bahasy 57% ýokarlandy.
Milliarderleriň reýtinginde ikinji orny Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos eýeleýär, onuň baýlygy 240 mlrd dollara barabar. Bir ýylda ol 63 mlrd dollardan gowrak gazandy.
Meta kompaniýasynyň esaslandyryjysy Mark Sukerberg 215 mlrd dollar bilen üçünji orny eýeleýär. Onuň kapitaly bir ýylda 87 mlrd dollar artdy.


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......