Amerikaly Aljameýn Sterling UFC 310 ýaryşynda Mowsar Ýewloýewden ýeňildi

  • 08.12.2024 20:34
  • 13k+

7-nji dekabrdan 8-nji dekabra geçilen gije Las-Wegasda (ABŞ) UFC 310 ýaryşy geçirildi. Onuň dowamynda iň ýeňil agramda UFC-niň titulynyň öňki eýesi amerikaly Aljameýn Sterling bilen russiýaly Mowsar Ýewloýew duşuşdy. Söweş tutuş üç raund dowam edip, Ýewloýewiň emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.

Söweşden soň Aljameýn Sterling öz ýeňlişine teswir berdi.

“Agyr söweş... Men güýçli garşydaşdan üstün çykyp bilerin öýtdüm, ýöne biz başarmadyk. Hemmäňize söýgiňiz we goldawyňyz üçin minnetdar, çykyş siz üçin gyzykly bolandyr diýip umyt edýärin. Mowsar – ýyrtyjy we men bu diwizionda öz ornumy görkezdim. Häzir biz gaýtadan dikelýäris we bejergi alýarys, soňra ýene-de basgançak bilen ýokary galmaga taýýarlanarys. Arzuw, eger sen boýun egmeseň, saklanmaýar! Men gaýdyp gelerin!” – diýip, Sterling X sosial ulgamynda ýazdy.

Bu ýeňliş Sterling üçin karýerasynda bäşinji boldy. Şeýle-de, onuň hasabynda 24 ýeňiş bar.
Ýewloýew garyşyk başa-baş söweşde ýeňilmän galýar. Onuň hasabynda 19 söweşde 19 ýeňiş bar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......