Gyşyň uly çille döwri başlanýar: aýazly, sowuk günler öňde

  • 07.12.2024 11:10
  • 16k+

Ata-babalarymyzdan gelýän milli senenamamyz boýunça 7-nji dekabrda garagyş döwri tamamlanyp, 8-nji dekabrdan uly çille başlanýar.

“Türkmenistan” gazetinde berlen habara görä, “çille — bu pars dilindäki «çil» sözi bilen baglanyşykly bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Uly çille hem kyrk gün dowam edýär we ol gyşyň örküji hasaplanýar. Dogrudan-da, 8-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli bolan döwri alyp görseň, aýazly, sowuk günleriň hut şu döwürde köp bolýandygy äşgärdir. Ýöne käte bu döwürde maýyl günler hem köp bolýar”.
«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, bu döwürde ätiýajy elden bermeli däl. Her pursatda gyşyň gar-ýagşyna, şatlama aýazyna taýýar bolmaly.
Gyş paslynyň täsinliklerini ylym yzygiderli öwrenýär. Gyş döwründe Ýeriň hereket edýän tekizliginiň asman ekwatoryna 230 — 260 ýapgytlygy zerarly Günüň şöhlesiniň düşýän gytaklygy 460 — 520 üýtgeýär. Şol sebäpli pasyllaryň çalyşmasy ýüze çykýar. Gyş paslynda Ýeriň Güne tomusky ýagdaýyndan 5 million kilometr golaýlaşýandygyna garamazdan, Günüň gytak we gysga şöhlesi gündizlerine Ýeriň üstüni gyzdyryp ýetişmeýär. Şonuň netijesinde hem gyş pasly emele gelýär.


20.01.2026 14:13
17k+

5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy

Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär...

05.01.2026 11:44
8.8k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...

22.12.2025 13:53
5.7k+

Klimatologlar: Asyryň ortalaryna çenli Ýer ýüzünde her ýyl 4 müňe çenli buzluklar ýok bolar

Eger global maýlamaklyk asyryň ahyryna çenli temperaturanyň 1,5-4 gradus Selsiý ýokarlanmagyna getirse, eýýäm şu asyryň ortalaryna çenli Ýer her ýyl 2000-den 4000-e çenli buzlugy ýitirer. Netijede, buzluklaryň umumy sany 200 müňden 18 müňe çenli azalyp biler...

03.12.2025 10:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...