Mahaçew – Sarukýan, Nurmagomedow – Dwalişwili: UFC 311-iň esasy söweşleri

  • 06.12.2024 21:03
  • 22k+

UFC 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Los-Anjelesde geçiriljek UFC 311 ýaryşynyň esasy söweşlerine gatnaşyjylary yglan etdi.

Agşamyň esasy wakalary Islam Mahaçew (Russiýa) bilen Arman Sarukýanyň (Ermenistan) hem-de Merab Dwalişwili (Gruziýa) bilen Umar Nurmagomedowyň (Russiýa) arasyndaky söweşler bolar.
Mahaçew bilen Sarukýan üçin bu oktagonda ikinji duşuşyk bolar. 2019-njy ýylyň aprel aýynda UFC Fight Night 149 ýaryşynda Mahaçew emin agzalaryň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňiş gazandy. Ol karýerasynda 26 söweşde ýeňip, bir gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Umar Nurmagomedow MMA-da ýeňlip görmedi. 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçen soňky söweşinde amerikaly Kori Sendgahenden üstün çykdy. Onuň hasabynda 18 ýeňiş bar. Onuň garşydaşy Merab Dwalişwili sentýabrda Şon O’Mellini ýeňip, çempion boldy.
Şeýle-de, bu ýaryşda amerikan-eýranly söweşiji Beneil Dariuş braziliýaly Renato Moýkano garşy söweşer. Ýene bir tutluşykda amerikaly Kewin Holland bilen niderlandly Renýe de Ridder duşuşar.


07.06.2026 20:02
6.5k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.9k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.6k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......