Bitkoiniň bahasy 100 müň dollardan geçdi

  • 05.12.2024 12:28
  • 5k+

5-nji dekabra geçilen gije bitkoin kriptowalýutasynyň bahasy Binance biržasynda ilkinji gezek 100 müň dollardan geçdi.

Söwda platformasynyň maglumatlaryna görä, esasy kriptowalýutanyň bahasy Aşgabat wagty bilen ir sagat 7:39-da 100 müň dollar belliginden geçdi. Şondan soň bitkoin ösüşini dowam etdirdi we sagat sekize çenli 104 müň dollardan geçdi.
Beýleki kriptowalýutalar dürli dinamikany görkezýär. Mysal üçin, Ethereum tiz wagtdan 4000 dollar belliginden geçip biler, emma XRP, Solana we BNB birneme arzanlady. Şeýle-de bolsa, kriptobazaryň kapitalizasiýasy ösýär we 3,6 trln dollara golaýlaýar.
Ýatlap geçsek, bitkoiniň bahasy Donald Trampyň ABŞ-nyň Prezidenti saýlanmagyndan soň ýokarlanyp başlady. 5-nji noýabrda Trampyň saýlawlarda ýeňiş gazanandygy belli bolandan bäri bitkoin bahasyny 50%-den gowrak artdyrdy.


23.05.2025 13:00
13k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...

26.02.2025 09:35
8.8k+

Hakerler bitkoini döredijileriň atlaryny anyklandygyny aýdýar: Koen we Sassemen

Näbelli hakerler topary bitkoini döredijileriň atlaryny bilmegiň başardandygyny nygtaýar. Hakerleriň pikiriçe, Satoşi Nakamoto adynyň aňyrsynda programmistler Brem Koen bilen Len Sassemen gizlenýär diýip, “Argumenty...

09.01.2025 14:15
3.7k+

Ethereum-yň esaslandyryjysy haýyr-sahawata 1 mln dollarlyk memkoin bagyş etdi

Ethereum-yň esaslandyryjylarynyň biri Witalik Buterin haýyr-sahawat maksatlary bilen köp mukdarda mem tokenlerden dynmagyny dowam etdirýär. Kriptomilliarder, takmynan, 984 000 dollar mukdarda memkoinleriň uly tapgyryny...

22.12.2024 13:23
4.7k+

Lýuks brendler kriptowalýuta töleglerini kabul edip başladylar

Ýakynda bitkoiniň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagyndan soň, lýuks brendler kriptowalýuta arkaly tölegleri girizip başladylar diýip, Reuters habar berýär. Mysal üçin, Fransiýanyň uniwermaglar ulgamy Printemps öz dükanlarynda...