“Stellantis” awtokonserniniň baş direktory Karlos Tawares işinden boşadyldy

  • 03.12.2024 11:03
  • 3k+

"Stellantis" awtokonserni baş direktory Karlos Tawaresiň işinden boşadylandygyny resmi taýdan mälim etdi. Ol bu konserni döräni bäri dolandyryp gelýärdi. Karlos aslynda 2026-njy ýylda şertnamasy gutarandan soň işinden aýrylmalydy, ýöne näbelli sebäplere görä, kompaniýa bu çözgüdi yza süýşürmezlik kararyna geldi diýip, auto.ru habar berýär.

Konserne täze ýolbaşçy bellenýänçä, bu wezipe "Stellantisiň" başlygy Jon Elkannyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn ýerine ýetiriji komitet tarapyndan dolandyrylar.
Karlosyň işinden boşadylmagynyň resmi sebäpleri mälim edilmedi, ýöne metbugat beýanatynda Tawares bilen kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň arasynda bolup biljek düşünişmezlikler agzaldy. Kompaniýa täze baş direktoryň meselesini eýýäm çözüp başlandygyny tassyklady, ýöne bu ýagdaý birnäçe aý dowam edip biler.
Karlos Tawares 2014-nji ýyldan bäri "PSA" bileleşigine ýolbaşçylyk edýärdi. Ol "PSA" we "Fiat-Chrysler-iň" birleşmegi netijesinde 2021-nji ýylda döredilen "Stellantisiň" iş dolandyryjysy boldy.
Çeşmeleriň berýän habaryna görä, "Stellantisiň" soňky aýlarda başdan geçirýän maliýe kynçylyklarynyň netijesinde "Renault" bilen birleşmek ähtimallygy baradaky habarlar hem gelip gowuşdy. Şeýle-de bolsa, iki kompaniýanyň ýolbaşçylary hem bu maglumatlary ret etdiler.

şu gün 08:11
956

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.4k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
4.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......