Küşt täji ugrundaky oýunlar dowam edýär: Ližen bilen Dommaraju deňme-deň barýarlar

  • 02.12.2024 21:52
  • 3.9k+

Hytaýly grossmeýster Din Ližen bilen hindi küştçüsi Gukeş Dommarajunyň arasynda geçirilýän küşt täji ugrundaky ýaryşyň altynjy duşuşygy deňme-deň tamamlandy. Singapurda geçirilýän oýun dartgynly bäsleşige öwrülmegini dowam etdirýär.

Garşydaşlaryň ballary deň bolmagynda galýar, hasap - 3:3. Olaryň arasyndaky soňky oýnalan partiýa 46-njy göçümde tamamlandy diýip, championat.com habar berýär. 
Bu gezek häzirki dünýä çempiony, hytaýly grossmeýster ak mallar bilen oýnady.
Bäsleşigiň birinji oýnunda dünýä çempiony hindistanly garşydaşyny ýeňipdi. Şondan soňra Gukeş bäsleşigiň üçünji oýnunda garşydaşyna üstünlikli jogap berdi, ondan soňky oýunlar bolsa deňme-deňlikde tamamlanyp gelýär. Şeýle-de bolsa, duşuşyklardaky dartgynlylyk artýar. Liženi ýeňmäge ymtylyşynda, hindistanly dalaşgär töwekgelçilikli ýalňyşlyklara ýol berýär. Muňa garamazdan, hytaýly grossmeýstere hemişe garşydaşynyň ýalňyşlyklaryndan peýdalanmak hem-de artykmaçlyk gazanmak başartmaýar, ol şeýle mümkinçilikleri elden gidirýär.
Muňa garamazdan, hünärmenler Din Liženiň her oýunda ynamly görünýändigini bellediler. Çaklamalara görä, taý-breýk görnüşi boýunça oýnamaly bolsa, artykmaçlyk hindi küştçüsiniň däl-de, çalt formatda has gowy çykyş edýän Diniň tarapynda bolar.
Din Ližen geçen ýyl russiýaly Ýan Nepomnýaşşiý bilen geçirilen çempionlyk oýnunda ýeňiş gazanypdy.
Bäsleşigiň ýedinji duşuşygy 3-nji dekabra meýilleşdirilýär. Onuň baýrak gaznasy 2,5 million dollardyr.

şu gün 13:40
2.5k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.2k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 18:18
3.7k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

düýn 13:39
9.8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......