“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Mihael Şumaheriň ogly “Mersedesden” gidýär

  • 01.12.2024 14:11
  • 7.7k+

“Formula-1-iň” “Mersedes” topary öz resmi saýtynda 2024-möwsüminiň ahyrynda ätiýaçdaky sürüji Mik Şumaheriň gidýändigini habar berdi.

Şumaher topara 2022-nji ýylyň dekabr aýynda goşulypdy. 2021-2022-nji ýyllarda “Formula-1-de” “Haas” toparynyň ýaryşa gatnaşýan sürüjisi boldy.

“Men Toto Wolffa we tutuş topara şu iki ýylda alan bilimlerim üçin minnetdarlyk bildirýärin. Olar, gürrüňsiz, meni has tejribeli ýaryşa gatnaşyja öwürdiler, sebäbi men tehniki tarap barada has köp zat öwrendim. Ýöne kabinada oturman bu awtomobilleriň ýaryşyna syn etmek agyr” – diýip, toparyň resmi saýty Şumaheriň sözlerini getirýär.

Motorsport-yň maglumatlaryna görä, Şumaheriň ornuny “Mersedesiň” düzüminde “Formula-1-iň” iki gezek wise-çempiony (2019, 2020) finlýandiýaly ýaryşa gatnaşyjy Waltteri Bottas eýelär.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

29.05.2026 15:15
19k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....