Katar gök ammiagyň önümçiligi boýunça dünýäde iň uly zawody gurýar

  • 30.11.2024 11:40
  • 4k+

Kataryň Qatar Energy kompaniýasy gök ammiagyň önümçiligi boýunça dünýäde iň uly zawodyň gurluşygyna girişdi. Ýylda 1,2 mln tonna ammiak öndürjek zawod arassa energetikany ösdürmekde möhüm ädim bolar diýip, kompaniýanyň saýtyndaky beýana salgylanyp, TASS habar berýär.

Zawod El-Wakra munisipalitetindäki Mesaýid senagat sebitinde ýerleşer. Toplumyň düzümine ýylda 1,5 mln tonna kuwwatly kömürturşy gazyny nasos arkaly ýygnamak we saklamak üçin blok hem girer.
Zawodyň gurluşygy we ulanylyşy Qatar Fertiliser Company bilen hyzmatdaşlykda dökün önümçiligi boýunça desgalary gurmakda Qatar Energy-nyň tejribesini ulanmak bilen durmuşa geçiriler.
Ammiak – azot bilen wodorodyň himiki birleşmesi. “Gök” ammiak tebigy gazdan öndürilýär, önümçilik wagtynda goýberilýän kömürturşy gazy bolsa tutulýar we atmosfera düşmeginiň öňüni almak üçin ýa-ha saklanylýar, ýa-da beýleki önümçilik proseslerinde ulanylýar.
Taslama Kataryň pes uglerodly tehnologiýalary ösdürmek strategiýasyny goldaýar. Ýurt dünýäde ululygy boýunça üçünji tebigy gaz gorlaryna eýe. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Katar suwuklandyrylan tebigy gazyň ABŞ-dan soň ikinji uly eksportçysy boldy.


18.12.2025 11:06
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda...

09.12.2025 12:47
8.2k+

Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katara sapary amala aşyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine sapary amala aşyrdy...

29.11.2025 22:27
2.9k+

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi

26-27-nji noýabrda Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...

19.11.2025 11:17
1.3k+

Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

18-nji noýabrda Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taheri Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär...