Galaktikalaryň çaknyşygyndan dörän sarsgynyň ses tolkunlary Ýere gelip ýetdi

  • 27.11.2024 14:27
  • 7.1k+

Britaniýanyň alymlary taryhda owal-ahyr kosmosdan Ýere gelip ýeten iň güýçli ses tolkunlaryny hasaba aldylar. Monthly Notices of the Royal Astronomical Society žurnalynyň habar bermegine görä, tolkunlar bir galaktikanyň dört sany goňşy galaktika bilen çaknyşmagy netijesinde ýüze çykypdyr.

Ýerden 290 million ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän galaktikalar topary bolan Stefanyň Kwintetinde uly göwrümli kosmiki waka bolup geçdi. Astronomlaryň berýän maglumatlaryna görä, NGC 7318b galaktikasy sagatda 3,2 million kilometr tizlik bilen hereket edip, galaktikalaryň arasyndaky galyndyly meýdança bilen çaknyşdy.

"Aslynda bu galaktikalaryň  arasyndaky  galyndyly ägirt meýdandyr" – diýip, Hartfordşir uniwersitetiniň astrofizigi Marina Arnaudowa düşündirýär. Ol çaknyşygyň plazmany we gazy gysandygyny, netijede, radiodiapazonda ýagtylanyşy işjeňleşdirip, ýyldyzlaryň döremegine sebäp bolup biljekdigini aýtdy.

Alymlaryň sözlerine görä, bu waka galaktikalaryň özara täsirini öwrenmäge we häzirki zaman kosmiki gurluşlaryň emele geliş proseslerine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär.
Stefanyň Kwinteti 1877-nji ýylda açyldy we ýygy-ýygydan bolup geçýän galaktiki täsirleri bilen tanalýar we "galaktiki çatryk" diýlip atlandyrylýar.


11.05.2026 11:37
4.5k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...