Din Ližen dünýäniň küşt täji ugrundaky oýnuň ilkinji duşuşygynda Gukeşi ýeňdi

  • 26.11.2024 13:54
  • 4k+

Singapurda dünýäniň küşt täji ugrundaky geçýän ýaryşyň ilkinji duşuşygynda 32 ýaşly dünýä çempiony, hytaýly grossmeýster Din Ližen 18 ýaşly hindi küştçüsi Gukeş Dommarajudan üstün çykdy.

Birinji oýunda Din Ližen küştüň gara mallary bilen oýnady we 42-nji göçümde ýeňiş gazandy.
Dommaraju şu ýyl dalaşgärleriň ýaryşynda ýeňiji bolup, häzirki çempion bilen oýnamak hukugyny gazandy. Ol şonda dalaşgärler ýaryşynyň iň ýaş ýeňijisi bolmagy başarypdy.
Din Ližen geçen ýyl ýaryşda russiýaly Ýan Nepomniýaşini ýeňip, dünýä çempiony boldy. Şeýle-de bolsa, şondan soň hytaýly grossmeýsteriň netijeleri peselip başlady. Ol häzirki wagtda FIDE dünýä reýtinginde 23-nji ýerde durýar.
Oýnuň başynda Gukeş artykmaçlygy ele aldy, ýöne birnäçe düýpli ýalňyşlyklardan soň, artykmaçlygy garşydaşyna berdi.
Çempionlyk ady ugrundaky ýaryşyň birinji duşuşygy 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek netijeli tamamlandy. Şeýle netije soňky gezek Weselin Topalowyň (Bolgariýa) Wişwanatan Anandany (Hindistan) ak mallar bilen ýeňmegi bilen hasaba alnypdy. Şeýle-de bolsa, şonda bu oýun hindistanly küştçi üçin 6.5-5,5 hasabynda ýeňiş bilen tamamlanypdy. Şondan bäri sekiz titul oýny oýnaldy, bularyň hemmesi deňme-deň tamamlandy.
2,5 million dollar baýrak gaznasy bolan ýaryşa gatnaşyjylar 14 oýna çenli nusgawy küşt görnüşini oýnarlar, deňme-deň utuk toplasalar, grossmeýsterler taý-breýk görnüşi boýunça ýaryşarlar diýip, rbc.ru ýazýar.

şu gün 13:40
1.5k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 18:18
3.6k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

düýn 13:39
9.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......