285 müň dollarlyk Jaguar XJS korbon restomody hödürlendi: ondan jemi 88 nusga çykarylar

  • 25.11.2024 15:28
  • 11k+

Britaniýanyň TWR inženerçilik kompaniýasy Jaguar XJS-iň Supercat atly korbon modifikasiýasyny hödürledi, onuň bahasy 285 000 dollar. Auto.ru-nyň habar bermegine görä, bu awtoulagdan bary-ýogy 88 sanysyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Jaguar XJS restomody ugleplastik kuzowy aldy, bu bolsa ulagy asyl nusgasyndan 10% ýeňil etdi. Daşky görnüşinde häzirki zaman LED yşyklandyryşy hem-de 18 we 19 dýuým ululykdaky täze süýlüp ýasalan tekerleri bar. Aerodinamika aýratyn üns berildi - uly diffuzor gurmak üçin, gaz turbalary gapdallaryna çykaryldy.
Restomodyň merkezinde 669 at güýjüni öndürýän we 730 Nm-li mehaniki nagnetateli bolan V12 ýerleşýär. Kuwwat ýokary sürtülme differensialy bolan alty tizlikli guty arkaly yzky tekerlere iberilýär. Şeýle hem kastom podramnikler, sazlanýan amortizatorlar we karbon-keramiki tormozlar goşuldy.
Awtoulagda sport we rahatlyk režimlerini öz içine alýan bäş sany sürüş sazlamasy bar.
Interýeri sanly gural paneli hem-de Android Auto we Apple CarPlay goldawly multimediýa ulgamy bilen döwrebaplaşdyryldy.
Tutuş seriýa TWR-iň 1988-nji ýylda Le-Manda gazanan ýeňşiniň hormatyna çykarylan 88 awtoulagdan ybarat. Salgytlary we donor awtoulagynyň bahasyny hasaba almazdan, 35 müň funt sterling goýum bilen sargyt edip bolýar.
Sargytlar ABŞ-yň, Ýewropa-nyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlarynda kabul edilýär.

şu gün 08:11
1k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.5k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
4.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......