Jaguar täzelenen logotipini görkezdi

  • 21.11.2024 23:26
  • 3.9k+

"Jaguar" kompaniýasy ösüşiniň täze tapgyryny yglan etdi. Oňa laýyklykda, kompaniýanyň modernizme geçýändigini aňladýan täze aýdentikasy (haryt nyşanyny) resmi taýdan görkezildi. Täzelenen logotipde kompaniýa adynyň gysby ýazylyşyna ünsi jemläp, logotipdäki pişigiň şekilini aýyrdy.

Täzelenen wizual nusganyň binýadynda simmetrik we tegelek äheňde ýasalan nyşanlar oturýar. Awtoulaglarda ulanmak üçin ykjam logotip döredildi. Indi bu ýerde adyň birinji we soňky harplary - j we r hamala biri-birinden ýüzüni sowýan şekilde ýerleşdirildi.
Kompaniýa brendiň täze şygarynyň - Copy Nothing (“Hiç zady göçürme”) - markanyň esaslandyryjysy William Laýons tarapyndan döredilen ussatlyk we özboluşlylyk ruhuny görkezýändigini nygtaýar. Jaguar-yň täze stili häzirki zaman sungatyna gönükdirilendir we “oýlap tapyşy, çeperçiligi we batyrlygy” aňlatmaga niýetlenendir.

Ulagyň täzelenen keşbi ilkinji gezek Maýami sungat hepdeliginiň çäginde hödürlener. Şol ýerde hem täze nusgadaky awtoulagyň görkezilmegine garaşylýar. Ilkinji görkezilişde ýaş suratkeşleriň ençeme innowasiýa installýasiýalary bolar.

şu gün 08:11
1.4k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3.8k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.7k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
4.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......