Samsung-yň täze tehnologiýasy periskop kamerasyny gowulandyrar we ýukaldar

  • 21.11.2024 12:27
  • 10k+

 

Samsung-yň şekilleri gaýtadan işleýiş topary periskop kamera moduly üçin täze dizaýn taýýarlady. ALoP (All Lenses on Prism) tehnologiýasy kameranyň galyňlygyny, adaty çözgütler bilen deňeşdirilende, 22% ýukaldar.

Adaty konstruksiýalarda obýektiwiň diametriniň ulaldylmagy modulyň beýikliginiň artmagyna getirýär. ALoP linzalaryň matrisasyny prizmanyň üstüne geçirýär, bu ykjamlygy saklamak bilen, ýagtylygy has güýçli linzany (F / 2.58) ulanmaga mümkinçilik berýär. 40° burçly prizma we 10° burçly datçik ýygnamak komponentleriň netijeli ýerleşdirilmegini üpjün edýär.
Kämilleşdirilen gurluş, obýektiwiň ýagtylygynyň hasabyna pes ýagtylykda hem hiliň gowy bolmagyny üpjün edýär.
Samsung tehnologiýa Galaxy S25 smartfonlaryna ornaşdyryljakmy ýa-da ýok, entek kesgitlemedi.


06.02.2026 14:14
673

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

30.01.2026 10:35
1.9k+

Bahasy $2899: Samsung ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold-yň satuwyna başlaýar

Samsung kompaniýasy ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň satuwynyň başlanýandygyny mälim etdi. Gurluş 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan başlap 2899 dollar baha bilen satylar. Smartfon doly açylan ýagdaýynda 2160 × 1586 piksel durulygyndaky, 120 Gs täzelenme ýygylygy we 1600 kd/m2 iň ýokary ýagtylygy bolan 10 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edildi...

28.01.2026 15:54
3k+

Samsung satuwa niýetlenmedik Galaxy Z Flip7 Olympic Edition smartfonyny çykardy

Italiýanyň Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde geçiriljek 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda türgenler üçin täze gajet taýýarlanyldy, ýöne ol satuwa çykarylmaz. Samsung kompaniýasy diňe Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar üçin döredilen eplenýän smartfonyň ýörite görnüşini — Galaxy Z Flip7 Olympic Edition modelini görkezdi...

08.01.2026 21:29
2.4k+

Samsung CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny görkezdi

Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny hödürledi. Oňa täzelenen modeller S85H, S90H, S95H we düýbünden täze S99H girdi. Flagman S99H metal karkasy bilen tapawutlanýar...