Messi milli ýygyndysynda täze rekord goýdy, Lautaro Martines Maradona bilen deňleşdi

  • 21.11.2024 00:34
  • 8.9k+

20-nji noýabrda Buenos-Aýresdäki “Estadio Alberto Hakinto Armando” stadionynda 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň 12-nji oýnunda Peru Argentina bilen duşuşdy. Duşuşyk 1:0 hasabynda argentinalylaryň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşykda ýeke-täk goly 55-nji minutda “Interiň” hüjümçisi Lautaro Martines girizdi. Goluň asisti - toparyň kapitany Lionel Messi boldy. Bu gol futbolçylaryň ikisi üçin hem ähmiýetli waka boldy.
Messi milli ýygyndylaryň düzüminde asist geçirimleriniň sany boýunça taryhy rekordy gaýtalady, onuň hasabynda indi 58 assist bar. Öň, şeýle görkezijä ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň düzüminde amerikaly futbolçy Lendon Donowan ýetipdi. Ýene bir asist Messini bu görkeziji babatda ýeke-täk lider eder.

Martines Argentinanyň milli ýygyndysy üçin geçiren gollarynyň sany boýunça “Napoliniň” we “Barselonanyň” öňki oýunçysy Diego Maradonanyň üstünligini gaýtalady. Onuň Peruwyň milli ýygyndysynyň derwezesine geçiren goly ýygyndysynyň düzüminde 32-nji goly boldy. Bu görkezijä Lautaro 70 oýunda ýetdi. Maradona bolsa, bu netijäni 84 oýunda gazandy.


Argentinanyň milli ýygyndysynyň taryhynda geçirilen gollaryň sany boýunça liderligi gürrüňsiz Messi eýeleýär. Transfermarkt-yň maglumatlaryna görä, Messi milli ýygyndysy üçin 119 oýunda 112 gezek gol geçirdi. Ikinji ýerde Batistuta (78 oýunda 55 gol), üçünji ýerde Serhio Aguero (101 oýunda 41 gol), dördünji ýerde Ernan Krespo (64 oýunda 35 gol) ýerleşýär. Martines ilkinji bäşlige girdi.


şu gün 14:15
5.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 21:03
2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....