Türkmen samboçylary Astanada dünýä çempionatynda 6 medal gazandylar

  • 19.11.2024 18:07
  • 7k+

Astanada geçirilen Sambo boýunça 49-njy dünýä çempionatynda Türkmenistandan baran türgenler umumylykda alty medal gazandylar - bir altyn, iki kümüş we üç bürünç. Dünýä çempionatyna 80 döwletden 470 sany türgen gatnaşdy, dürli kategoriýalarda medallaryň 31 toplumy goýuldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň düzüminde ýeke-täk altyn medaly Muminjan Arzykulow 71 kg-a çenli agram derejede söweş sambosy boýunça gazandy. Türkmen türgeniniň bu üstünligi barada TmCars şu habarynda aýdypdy.
Sambo boýunça dünýä birinjiliginde kümüş medallara - Bägül Nuryýewa (50 kg-a çenli) we Sabina Agajanowa (80 kg-dan ýokary). Olar söweş sambosy boýunça çykyş etdi.
Bürünç medallara Zarina Abdyrahmanowa (54 kg-a çenli), Gülzada Jorakulyýewa (72 kg-a çenli) eýe boldy. Olaryň ikisi hem söweş sambo boýunça çykyş etdi. Ýene bir bürünç medaly 71 kg-a çenli agram derejede sport sambosy boýunça Kambar Umarow aldy.
Ýatlatsak, sambo boýunça indiki ýubileý 50-nji dünýä çempionaty 2025-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. Astanada geçirilen FIAS kongresinde wekilleri Türkmenistanyň paýtagtyny 2025-nji ýylda kongresiň geçiriljek ýeri hökmünde kesgitlediler. Şeýle hem Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti hökmünde Wasiliý Şestakowyň ygtyýarlyklary 2029-njy ýyla çenli uzaldyldy.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......