“123456” ýene-de dünýäde iň gowşak parol boldy

  • 19.11.2024 00:25
  • 2.2k+

NordPass gözleg kompaniýasy “123456” parolynyň henizem iň meşhur we gowşak parol bolup galýandygyny tassyklady. Bu sanlar toplumy NordPass tarapyndan eýýäm altynjy gezek düzülýän iň ýaramaz parollaryň sanawynda birinji orny eýeledi.

Kompaniýa tarapyndan geçirilen derňewde 200 sany giňden ýaýran parol hödürlendi we olary döwmek üçin gerek wagt, şeýle-de olary ulanýan ulanyjylaryň sany görkezildi.
Seljeriş üçin NordStellar bilen bilelikde maglumatlar ýygnaldy. Öwrenilen maglumatlar bazasynyň göwrümi 2,5 Tbaýt bolup, ol maglumatlaryň syzmagy we zyýanly programma üpjünçiliginiň işiniň netijesinde, şol sanda darknetde ogurlanan parollary öz içine alýar. Köp ýagdaýlarda şeýle maglumatlar elektron poçta salgylaryny saklaýar, bu hem gözlegçilere korporatiw we şahsy akkauntlary tapawutlandyrmaga mümkinçilik berdi.
“123456” paroly 3 milliondan gowrak akkauntda tapyldy. Ony döwmek üçin bir sekuntdan hem az wagt gerek. Ikinji we üçünji orunlary “123456789” we “12345678” eýeledi. “g_czechout” ýaly çylşyrymly parollar döwmek üçin 12 güne çenli wagt alýar, ýöne olaryň ulanylmagy-da ygtybarly hasaplanylmaýar.
Ýönekeý parollar, köplenç, olaryň ýatda saklamak üçin amatlydygy we ýeňildigi sebäpli, aýratynam, bir gezeklik akkauntlar üçin saýlanýar. Şeýle-de bolsa, hünärmenler şeýle utgaşmalaryň ulanyjylary uly töwekgelçiliklere sezewar edýändigini duýdurýarlar.
Howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin hünärmenler şu aşakdakylary maslahat berýär:

  • Her bir akkaunt üçin özboluşly parol döretmek;
  • Harplar, sifrler we ýörite belgiler bilen azyndan 20 nyşan ulanmak;
  • Maglumatlaryň syzmagyny yzygiderli barlamak;
  • Çylşyrymly utgaşmalary saklamak we döretmek üçin parollar menejerinden peýdalanmak.

Bu görkezmelere eýerip, şahsy maglumatlaryň gorag derejesini ep-esli ýokarlandyryp bolar.


26.01.2026 09:58
2.8k+

Gmail-e derek Proton Mail, Telegram-a derek Signal: Ethereum-iň esaslandyryjysy haýsy programmalary howpsuz hasaplaýandygyny aýtdy

Ethereum kriptowalýutasyny esaslandyryjy Witalik Buterin ulanyjy maglumatlarynyň goraglylygyna we "hasaplama özbaşdaklygyna" üns berip, gündelik ulanýan programmalaryny nähili üýtgedendigi barada X (öňki Twitter) ulgamynda maglumat berdi...

17.01.2026 22:33
3.2k+

Sony we JBL-iň millionlarça nauşnikleriň gizlin diňlenme howpuna sezewar boldy

Belgiýanyň Leuven uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri Google-yň Bluetooth esasly Fast Pair protokolyny goldaýan ses enjamlarynda möhüm näsazlygyň bardygyny anykladylar. Şunlukda bu kemçilikler...

25.12.2025 11:40
1.9k+

Hakerler Spotify-yň 86 mln aýdymyna elýeterli boldy we olary torrent arkaly ýaýradar

Hakerler topary Spotify-yň fonotekasyny döwüp, millionlarça audio faýllara elýeterli boldy diýip, Billboard habar berýär. Hakerler Annaʼs Archive blogunda özleriniň 86 million aýdymy we 256 million setir meta-maglumaty ýükläp alandygyny aýtdy...

10.12.2025 15:41
3k+

«Kasperskiý labaratoriýasy» 2025-nji ýylyň iň köp ýaýran parollaryny aýtdy

2023-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygynda dünýäde maglumat syzmalarynda hasaba alnan her iki ýüzünji parol «2024» bilen gutarýardy. Bu barada global maglumat syzmalaryny seljermegiň netijesinde «Kasperskiý labaratoriýasy» tarapyndan alnan maglumatlara salgylanyp, TASS habar berýär...