Kolbi Kowington 14-nji dekabrda Hoakin Bakli bilen söweşer

  • 18.11.2024 12:12
  • 6.4k+

Ýarym orta agramda (77 kg çenli) UFC-niň çempion titulynyň öňki wagtlaýyn eýesi amerikaly Kolbi Kowington indiki söweşini UFC-niň öňdebaryjy söweşijisi, watandaşy Hoakin Baklä garşy geçirer. Söweş 14-nji dekabrda ABŞ-nyň Florida ştatynda geçiriljek UFC on ESPN 63 ýaryşynda bolar.

Olaryň söweşi geljekki ýaryşyň esasy wakasyna öwrüler.
Ýatlap geçsek, 5-nji oktýabrda UFC 307-de bolan soňky söweşinde Hoakin Bakli ýarym orta agramda UFC-niň çempion titulyna öňki dalaşgär Stiwen Tompson bilen duşuşdy. Söweş üçünji raundda Bakliniň nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.
Kowington 2023-nji ýylyň dekabrynda emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen Leon Edwardsdan ýeňildi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......