Çarlz Oliweýra rewanş söweşinde Maýkl Çendlerden ýene üstün çykdy

  • 17.11.2024 17:23
  • 13k+

16-njy noýabrdan 17-nji noýabra geçilen gije Nýu-Ýorkda (ABŞ) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 309 ýaryşy geçirildi. Onuň esasy wakalarynyň biri braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen ABŞ-nyň wekili Maýkl Çendleriň arasyndaky rewanş söweşi boldy.

Söweş tutuş bäş raund dowam edip, Oliweýranyň eminleriň biragyzdan karar bermegi netijesinde ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Braziliýaly söweşiji ilkinji dört raundyň dowamynda artykmaçlyga eýe boldy, ýöne bäşinji raundda Çendler gyzgalaň döredip bildi. Ol Oliweýrany birnäçe gezek silkindirdi, ýöne ony nokauta düşürip bilmedi. Netijede, Oliweýra ýeňiş gazandy.
Oliweýra bilen Çendleriň arasyndaky ilkinji söweş 2021-nji ýylyň maý aýynda UFC 262-de geçirildi. Şonda Çarlz ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.
Indi Çendleriň hasabynda garyşyk başa-baş söweşde 23 ýeňiş we dokuz ýeňliş bar. Oliweýranyň hasabynda 35 ýeňiş we 10 ýeňliş bar, onuň ýene bir söweşi geçirilmedik diýlip hasaplandy.


düýn 18:18
3.8k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.5k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......