Kanadada uly ýangynlary söndürmek üçin 30 metrlik ykjam diň döredildi

  • 16.11.2024 20:36
  • 8.9k+

Kanadanyň Wildfire Innovations Inc. kompaniýasy RainStream atly ykjam ýangyn diňini döretdi. 30 metr beýiklikdäki teleskopiki gurnama tokaý ýangynlaryny söndürmek, binalary çalt goramak we ýangyna garşy päsgelçilikleri döretmek üçin niýetlenendir.

Diňi agramy bir tonna töweregi bolan islendik ulagyň kömegi bilen daşap bolýar - bu ony dürli ilatly ýerlere eltmäge mümkinçilik berýär.
RainStream töwerekde ýangyn söndüriji duman döretmek ýa-da suw akymyny bir tarapa gönükdirmek üçin 360 gradus aýlanyp bilýän pürküji kelle bilen enjamlaşdyrylandyr. Minara 3,25-8 gektar meýdana “ýagyş ýagdyrmaga” ukyply, şol bir wagtda ony iki adamdan ybarat toparyň tagallasy bilen 40 minutdanam az wagtda gurnap we işe girizip bolýar. Dizel ýangyjynyň bir bagy 40 sagatlap işlemek üçin ýeterlikdir.

“Adaty prosedura “suw diwaryny” döretmek we gorag dumanyny üpjün etmek üçin köp sanly RainStreams-y ilatly ýerleriň ýa-da möhüm infrastrukturanyň yk tarapynda ýerleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle-de bolsa, ýangyn söndüriş işlerine goldaw bermek üçin gurnama islendik ýerde we islendik wagtda ýerleşdirilip bilner " - diýip, Wildfire Innovations-yň baş direktory Rolf Wensel gürrüň berdi.

Kompaniýa diňleriň önümçiligine şu ýyl başlamagy meýilleşdirýär, 2025-nji ýylyň ýazynda bolsa alyjylara ugradyp başlar. Şeýle hem, RainStream-iň stasionar görnüşi işlenip düzülýär, bu nebiti gaýtadan işleýän zawodlar we ýangyn howpy ýokary bolan beýleki ýerlerde ýerleşýän desgalary goramak üçin awtomatiki usulda işjeňleşdirilip we uzakdan dolandyrylyp bilner.


28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

21.05.2026 13:01
8.3k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.04.2026 15:16
3.5k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....