UFC söweşlerde öňki nusgadaky elliklere dolanýar

  • 15.11.2024 20:49
  • 8.7k+

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt promouşeniň köne nusgadaky ellikleri ulanmaga gaýdyp gelýändigini resmi taýdan habar berdi. Köne nusga geçiş eýýäm 16-njy noýabrdan 17-nji noýabra geçilýän gije Nýu-Ýorkdaky “Medison Skwer Garden” arenasynda geçiriljek UFC 309 ýaryşynda bolar.

“Ilkibaşda biz bu ellikleri göze şikes ýetmeginiň öňüni almak üçin döretdik, biziň gowy niýetimiz bardy, siz muny bilýäňiz. Ýöne onuň netije bermändigi barada şikaýatlar köp boldy. Adamlar bu elliklerden nägilediler. Şonuň üçin men karara geldim – esasy operasion müdirimiz Lourense jaň etdim we diýdim: “Men ellikleri çalyşýaryn. Men täze ellikleri isleýärin, köneleri bolsa yzyna gaýtarýaryn”. Şonuň üçin, hawa, indi bu köne ellikler bolar. Täze ellikler indi köne boldy” – diýip, Uaýt metbugat maslahatynda aýtdy.

Täze nusgadaky ellikler UFC-ä 2024-nji ýylyň iýun aýynda girizildi. Şeýlelikde, olaryň ulanylyşy alty aýdan hem az dowam etdi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......