“F-1” toparlarynyň ählisi ilkinji gezek möwsümden öň bilelikdäki tanyşdyryş çäresini geçirer

  • 15.11.2024 13:02
  • 2.2k+

“Formula-1” çempionatynyň on toparynyň we ýigrimi ýaryşa gatnaşyjysynyň ählisi 2025-möwsümi başlamazdan öň bilelikdäki tanyşdyryş çäresini geçirer. Ol 18-nji fewralda Londonda geçiriler we çempionatyň 75 ýyllyk ýubileýine bagyşlanar diýip, “patyşalyk ýaryşlarynyň” resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

“Formula-1-iň” prezidenti we ýerine ýetiriji müdiri Stefano Domenikali bu wakanyň ähmiýetini belläp, taryhda ilkinji gezek muşdaklaryň täze möwsümiň açylyşy we ýubileý mynasybetli ýörite gurnalan bir çärede ýaryşa gatnaşyjylaryň we toparlaryň ählisini görüp biljekdigini belledi.
Öň, Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) “Formula-1-iň” täze möwsüminiň 2025-nji ýylyň 14 – 16-njy martynda geçiriljek Awstraliýanyň Gran-prisinden başlajakdygyny habar berdi. Geçen iki ýylda bolşy ýaly, geljekki çempionatda hem 24 ýaryş geçirmek meýilleşdirilýär. Möwsümden öňki synaglar 26 – 28-nji fewralda Bahreýnde geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....