KitKat batony “Formula-1-iň” resmi şokolady bolar

  • 13.11.2024 14:56
  • 4.6k+

“Formula-1” çempionaty bilen Şweýsariýanyň konditer önümlerini öndürmek boýunça belli kompaniýasy Nestlé-iň arasynda köpýyllyk hyzmatdaşlyk başlandy. Bu barada F-1-iň metbugat gullugy habar berdi diýip, Çempionat portaly ýazýar.

Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Nestlé-iň eýeçiligindäki KitKat brendiniň batony çempionatyň resmi önümi bolar. Şertnama görä, KitKat logotipi “Formula-1-iň” ýaryş ýollarynda peýda bolar, janköýerler bolsa sarp ediji paýnamalaryna, baýrak utmaga we käbir ýaryşlarda Nestlé-iň janköýerleri üçin ýörite zonalara bil baglap biler.
Hyzmatdaşlyk indiki ýyl resmi taýdan başlar we KitKat batonynyň döredilmeginiň 90 ýyllygyna we “Formula-1-iň” 75 ýyllygyna bagyşlanar.

“Biz KitKat ýaly dünýäde ykrar edilen brendiň hyzmatdaş hökmünde bize goşulandygyna begenýäris. Ony hemmeler gowy görýär. Biz onuň ýaryş ýolunda janköýerlere nähili ajaýyp täsirleri sowgat etjekdigini hem-de täze auditoriýany sport bilen tanyşdyrjakdygyny görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, F-1-iň täjirçilik müdiri Emili Preýzer bu hyzmatdaşlyga teswir berdi.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....