Ruud wan Nistelroý “Mançester Ýunaýtediň” tälimçiler düzüminden gitdi

  • 12.11.2024 23:20
  • 8.3k+

Niderlandly Ruud wan Nistelroý “Mançester Ýunaýted” futbol klubunyň tälimçiler düzümini terk etdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär.

28-nji oktýabrda niderlandly Erik ten Hag “Mançester Ýunaýtediň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Wan Nistelroý baş tälimçiniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde bellendi. Onuň ýolbaşçylygynda “Mançester Ýunaýted” ähli ýaryşlarda üç ýeňiş gazandy we bir gezek deňme-deň oýnady. Öň, klub täze baş tälimçiniň portugaliýaly Ruben Amorim boljakdygyny habar berdi.
Wan Nistelroý 48 ýaşynda, ol Niderlandlaryň “PSW” klubuna tälimçilik edip, onuň bilen ýurduň Kubogyny we Superkubogyny gazandy. Oýunçy hökmünde 2001 – 2006-njy ýyllar aralygynda “Mançester Ýunaýtedde” çykyş etdi we toparyň düzüminde Angliýanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň we Superkubogynyň eýesi, Iňlis ligasynyň kubogynyň ýeňijisi boldy.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....