Hytaýda ilkinji halasgär robot işe başlady. Ol derýada gözegçilik eder

  • 13.11.2024 05:57
  • 8.2k+

Hytaýly alymlar emeli aňyň esasynda özbaşdak işlemäge ukyply ilkinji halasgär roboty döretdiler. Ol Loýandaky Lohe derýasynda synagdan geçirildi we şondan soň robot yzygiderli gözegçilik işine girişdi diýip, South China Morning Post habar berýär.

Robot köp mukdarda maglumatlary işläp bilýän emeli aň ulgamy tarapyndan dolandyrylýar. Şeýle-de, ol robota adam tarapyndan gözegçilikde saklanmazdan gije-gündiziň dowamynda işlemäge mümkinçilik berýän nawigasiýa we gözegçilik tehnologiýalary bilen üpjün edildi.
Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, gurluş ýagdaýy seljerip, adamyň suwa düşmeginiň sebäbini we onuň kömege mätäçdigini ýa-da ýokdugyny kesgitleýär. Robotyň halas ediş enjamlary ýörite buýy we manipulýator eli öz içine alýar. Munuň kömegi bilen robot, eger zyýan çeken adam borta özbaşdak ýapyşyp bilmese, ony suwdan çykarar.
Hünärmenler adamyň suwda sessiz gark bolup bilýändigini, halas etmek üçin aýgytly wagtyň bolsa, takmynan, bäş minutdygyny belleýärler. Gözegçilik edýän robot bolsa heläkçiligiň bolan ýerine adamdan çalt baryp bilýär. Şeýlelikde, ol adam ömrüni halas etmekde möhüm rol oýnap biler.


12.05.2026 07:19
16k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.5k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......