Barlaglar haýsy kärdäki adamlara haýsy häsiýetleriň mahsusdygyny görkezdi

  • 11.11.2024 14:32
  • 9k+

Beýik Britaniýanyň we Estoniýanyň alymlary adamyň häsiýetiniň onuň kär saýlamagyna, işine uýgunlaşmagyna we üstünlik gazanmagyna täsir edýändigini tassykladylar. Journal of Applied Psychology žurnalynda neşir edilen bu barlag 263 dürli ugurda işleýän 68 540 adamyň maglumatlaryna syn berýär.

Işiň dowamynda Edinburg uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) Filosofiýa, psihologiýa we lingwistika mekdebiniň we Tartu uniwersitetiniň (Estoniýa) barlagçylary häsiýet bilen hünäriň arasyndaky baglanyşygy kesgitlediler.
“Uly bäşlik” diýilýän gylyk-häsiýeti, ýagny hoşniýetliligi, açyklygy, akýürekliligi, alçaklygy we newrotizmi ulanmak bilen, alymlar haýsy kärdäki adamlara haýsy häsiýetleriň has mahsusdygyny kesgitlediler.

Gelnen netijeler:

  • Suratkeşler, ýazyjylar we dizaýnerler, aktýorlar, žurnalistler ... bir söz bilen aýdylanda, döredijilik kärleriniň wekilleri, köplenç, täze zatlara höwesek, bilesigeliji we döredijilikli bolýar. Olaryň arasynda newrotikler köp.
  • Köpçülik bilen işleşýän hünärmenler, meselem satyjylar alçak bolýarlar, şonuň üçin olar aragatnaşygyň möhüm bolan ugurlarynda üstünlikli ösmegi başarýarlar.
  • Menejerler (dürli derejedäki dolandyryjylar) – alçak adamlar, ýöne guramaçylyk we jogapkärçilik ýaly häsiýetleri bilen tapawutlanýar (“Uly bäşlikde” bu häsiýetleriň ikisi hem wyždanlylyga degişlidir). Üstesine, olar o diýen newrotik häsiýetli we döredijilik adamlary ýaly duýgur däl, bu olara jogapkärçilik duýgusynyň hötdesinden gelmäge we iş ýüküni çekip bilmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, menejerler, hukukçylar ýaly, bäsdeşlige ukyply we bäsdeşlige ýykgyn edýärler.
  • Menejerleriň satyjylar bilen meňzeş gelýän häsiýetleri hem bar – bu kärdäki adamlaryň ikisi hem aragatnaşykda ýakymsyz görnüp bilerler, sebäbi köplenç işleri bilen bagly gapma-garşylykly ýagdaýlara duçar bolýan gezekleri az däl.
  • Kazylar, uçarmanlar we ýokary wezipeli döwlet işgärleri, beýleki adamlara garanda, belli bir karara aňsatlyk bilen gelýärler. Ynha, başgalara täsir etmek ukyby, manipulirleme häsiýetleri welin, kadrlar boýunça hünärmenlere we psihologlara has mahsusdyr.

Barlagçylar, hatda gatnaşyjylaryň käbir syýasy isleglerine hem baha berdiler. Ýük ulagynyň sürüjileriniň we dini guramalaryň işgärleriniň arasynda liberallar juda az eken.
Barlagçylar, hatda ulanyjylara haýsy kärleriň öz şahsy häsiýetlerine laýyk geljekdigini kesgitlemäge mümkinçilik berýän, şahsy häsiýetleri derňeýji mugt, interaktiw goşundyny hem döretdiler.

 

düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
666

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
2.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......