Türkmenistan läbik wulkanlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak isleýär

  • 09.11.2024 09:26
  • 12k+

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýektleriniň sanawyna goşmak mümkinçiligi üçin ýurduň günbataryndaky läbik wulkanlar barada maglumat ýygnamak işine başlady. Olaryň toparlara bölünmegi arza hökmünde dalaşgärlik dosýesini düzmek üçin zerur diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Sentýabr aýynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýanyň hünärmenleriniň, biologlaryň, geologlaryň we ekologlaryň gatnaşmagynda ilkinji ylmy ekspedisiýa geçirildi. Olar Hazar deňziniň kenaryndaky, esasanam, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda özboluşly wulkan toplumlaryny öwrendiler.
Ekspedisiýa işjeň we sönen wulkanlary gözden geçirdi, toprak nusgalaryny aldy we olaryň häzirki ýagdaýyny ýazga aldy. Aýratyn üns sebitiň iň uly Akpatlawuk we Gökpatlawuk wulkanlaryna gönükdirildi.
Akpatlawuk Esengulynyň golaýynda ýerleşip, özüniň grifleri we çuň jaýryklary bilen bellidir. Wulkan gaz-läbik çeşmeleri bilen iýmitlenýän uly krater kölüni emele getirdi.

Gökpatlawuk demirgazykda ýerleşýär. Ol çäge düzlüginden 70 metr ýokary galýar, onuň kraterinden gaz düzümli läbik çüwdürimleri akyp, halka emele getirýär.
Ekspedisiýanyň netijesinde alymlar bu tebigy obýektleri mundan beýläk-de öwrenmek we goramak üçin teklipleri taýýarladylar. Indi läbik wulkanlaryň parametrleriniň we geologik aýratynlyklarynyň beýany bilen olaryň bir umumy döwlet sanawyny döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de, bu taslama döwrebap tehnologiýalary, şol sanda hemra gözegçiligini ulanyp, wulkanlaryň “ýaşaýyş döwrüne” gözegçilik etmegiň ulgamyny döretmegi göz öňünde tutýar.
Bellenilişi ýaly, türkmen hünärmenlerine 70-nji ýyllarda geçirilen Azerbaýjanyň läbik wulkanlaryny öwrenmek tejribesi peýdaly bolup biler. Ylmy maglumatlara görä, Hazar deňziniň iň çuň günorta bölegindäki läbik wulkan toplumlary Türkmenistanda we Azerbaýjanda, şeýle-de Eýran tarapynda deňziň daşyny aýlap, territorial taýdan bir bitewiligi emele getirýär. Bu toplum dünýädäki ähli läbik wulkanlaryň tas ýarysyny öz içine alýar.
Umuman, Türkmenistanda ylym üçin ähmiýetli bolan ýigrimi töweregi wulkan bar. Hünärmenler olaryň 10-12 mln ýyl ozal, ýurduň häzirki çäginde gadymy Tetis deňzi kiçelip başlanda dörändigini çaklaýarlar.


27.05.2026 18:14
3.9k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....

26.05.2026 19:02
7.1k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 12:36
2.9k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

25.05.2026 11:17
9.6k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....