Toyota 100 km üçin 4,2 l ýangyç sarp edýän täze Corolla awtomobilini hödürledi

  • 09.11.2024 08:57
  • 14k+

Toyota kompaniýasy GR Yaris we GR Corolla sport awtomobillerinden ruhlanan täze Corolla Altis HEV GR Sport gibrid modelini hödürledi. Täze awtomobil 100 km üçin bary-ýogy 4,2 litr ýangyç sarp edip, tygşytlylygy bilen tapawutlanýar diýip, Carscoops habar berýär.

Model dörtburç howa kabul edijisine we inçe radiator gözenegine eýe boldy. Ol 17 dýuým ýeňil erginden ýasalan gara diskler we ýalpyldawuk gara bezeg bilen üpjün edildi. Yzky yşyk diodly çyralar kül reňke we dury linzalara eýe boldy.
Awtomobiliň interýerinde gyzyl tikinli we kümüşsöw öwüşginler bilen zamşa derisinden oturgyçlar bar. Ruly we hereketlendirijini işletmek düwmesini modeliň sport stilini görkezýän GR nyşanlary bezeýär.
Adaty komplektasiýada 12,3 dýuýmlyk sanly enjam paneli we 9 dýuýmlyk maglumat displeýi göz öňünde tutulýar.
Esasy tehniki täzelik 121 at güýjüni berýän 1,8 litrlik hereketlendiriji we sygymy 3,6-dan 4 amper-sagada çenli artdyrylan litiý-ion akkumulýatory bilen gibrid ulgamy boldy. Şunuň netijesinde awtomobiliň ýangyç tygşytlylygyny ýokarlandyrmak mümkin boldy.
Täze Toyota Corolla Altis HEV GR Sport awtomobiliniň başlangyç bahasy 33 000 dollara barabar.


07.06.2026 19:49
2.7k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.1k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....