Türki döwletleriň guramasynyň täze baýdagy tassyklanyldy

  • 07.11.2024 01:38
  • 6.2k+

Bişkekde (Gyrgyzystanyň paýtagty) Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 11-nji mejlisi geçirildi. Sammitiň dowamynda gatnaşyjylar guramanyň täze baýdagyny tassykladylar diýip, trend.az habar berýär.

"Bu baýdak türki jebisligiň, umumy mirasyň we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy nyşanlaryny özünde jemleýär" – diýlip, mejlisiň netijelerini çap eden çeşmelerde beýan edilýär.

Baýdak Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň döwlet baştutanlary tarapyndan tassyklandy.
2025-nji ýylda başlyklygy Gyrgyz Respublikasyna geçirmek karary "Türki dünýäsini güýçlendirmek: ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş, sanly gelejek we howpsuzlyk" mowzugynda geçirilen sammitiň esasy meselelerinden biri boldy.
Şeýlelikde, sammitiň netijesinde 2025-nji ýylda TDG-niň başlyklygy Gyrgyz Respublikasyna geçdi. Umuman alanyňda, sammite gatnaşyjylar sekiz resminama gol çekdiler, şol sanda Bişkek 2025-nji ýylda TDG-niň sanly paýtagty diýip yglan edildi, Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Türk dünýäsiniň iň ýokary ordeni bilen sylaglandy.


16.01.2026 22:34
2.3k+

Wenada Türki döwletleriň guramasynyň hepdeliginiň çäklerinde türkmen medeniýetiniň sergisi geçirildi

Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň ýyly» şygary astynda geçmegi mynasybetli medeni çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen gurallady...

01.12.2025 14:03
7k+

2026-njy ýylda "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýen at Andijana geçirildi

28-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Aktauda şäherinde (Gazagystan) Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmen wekiliýtine Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ýolbaşçylyk etdi...

05.11.2025 11:19
3.9k+

ÝUNESKO 15-nji dekabry Türki dilleriň maşgalasynyň bütindünýä güni diýip yglan etdi

Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň 43-nji Baş maslahatynyň çäginde her ýylyň 15-nji dekabrynda Türki dilleriň maşgalasynyň bütindünýä gününi belläp geçmek hakynda karar kabul edildi. Bu sene türki dilli halklaryň dil, medeni we taryhy birligini alamatlandyrar...

08.10.2025 08:58
11k+

Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygyna başlady

7-nji oktýabrda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammitiniň yzysüre wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bilelikde teleköpri arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar...