Mahaçew bilen Sarukýan UFC 311-de oktagonda duşuşar: söweşiň senesi belli boldy

  • 05.11.2024 15:32
  • 16k+

Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Islam Mahaçew 18-nji ýanwarda Los-Anjelesde geçiriljek UFC 311 ýaryşynda Arman Sarukýana garşy titul goragyny geçirer. Bu barada Abdulmanap Nurmagomedow adyndaky garyşyk başa-baş söweş mekdebiniň resmi sosial ulgamlaryna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

“UFC 311, Los-Anjeles, 18-nji ýanwar. Islam Mahaçew bilen Arman Sarukýan” – diýlip, guramanyň Instagram sahypasynda aýdylýar.

Ilkibaşda söweş 26-njy oktýabrda Abu-Dabidäki UFC 308 ýaryşynda geçirilmelidi, ýöne Mahaçewiň eline şikes ýetmegi sebäpli söweşi yza süýşürmeli boldy.
Sarukýan 2019-njy ýylyň aprel aýynda UFC Fight Night-de Mahaçew bilen ilkinji söweşinde ýeňlendigi üçin ar almak isleýär. Şol söweş Sarukýanyň UFC-de ilkinji çykyşy bolupdy. Mahaçew emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňdi.
33 ýaşly Mahaçew agram derejesine garamazdan UFC-niň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Onuň hasabynda 26 ýeňiş we bir ýeňliş bar.
28 ýaşly Sarukýanyň hasabynda professional derejede geçiren 25 söweşinde 22 ýeňiş bar.


düýn 14:40
3.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....