Siziň awtoulagyňyz noýabrda ýola çykmaga taýynmy?

  • 02.11.2024 12:44
  • 32k+

Noýabr güýzüň ahyry we gyşyň başlangyjy hasaplanýar. Türkmen senenamasyna görä, noýabryň 22-sine çenli akrap döwri dowam edip, soňra garagyş başlanýar. Bu aý ýagyşlaryň köp ýagmagy, sowuk şemalyň öwüsmegi, gijelerine suwuň doňmagy bilen tapawutlanýar.

Her bir tejribeli sürüji awtoulagy güýz-gyş möwsümine taýýarlamagyň hökmanydygyny bilýär. Iki paslyň sepgidinde ýolda näsazlyklaryň ýüze çykmazlygy üçin awtoulagy barlamak zerur bolup durýar. Geliň, bu babatda wajyp çäreleriň käbirine seredeliň!

  1. Gyş tekerlerine geçiň: Howanyň temperaturasynyň kähalatlarda +70C-den pese düşüp bilýänligini nazara alsak, gyş tekerleri ýol hereketiniň ygtybarlylygy üpjün edýär. Eger geçen gyşda ulanylan tekerleri dakýan bolsaňyz, olary gowy gözden geçiriň. Gerek bolsa, täzelerini satyn alyň.
  2. Antifriziň derejesini barlaň: Gijelerine motordaky suwuklygyň doňmazlygyny üpjün etmek üçin antfriziň derejesini we galan ömrüni (möhletini) gözden geçiriň. Sowuk howada doňýan suwuklyklaryň motor üçin howpludygyny ýatdan çykarmaň.
  3. Akkumulýatory gözden geçiriň: Sowuk howada akkumulýatorlar çalt “ýadap” bilýärler. Gerek bolsa, akkumulýatory täzeläň ýa-da zarýadynyň ýetikligini barlaň. 12,6 woltluk naprýaženiýe işjeň norma hasaplanýar.
  4. Farlaryň we yşyklandyryş ulgamynyň guratlagyny barlaň: Noýabrda gün gysgalanyp, gijeler uzap başlaýar. Aşgabady mysal alanyňda, aýyň başynda gün sagat 18:00 töwereklerinde, aýyň ahyrynda bolsa 17:30-a golaý ýaşýar. Şonuň üçinem awtoulagyň farlarynyň we yşyklandyryş ulgamynyň kadaly işleýändigini barlaň.
  5. Aýnalary arassa saklaň we ýyladyş ulgamyny gözden geçiriň. Öňdäki we arkadaky aýnalaryň yzygiderli arassa saklanmagy zerurdyr. Munuň üçin aýna arassalaýjy taýajyklaryň (dwornikleriň) sazlaşykly işleýändigini barlaň. Şeýle hem sowuk howada ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegi hökmanydyr. Bu, ilki bilen saglygyňyzy goramak üçin, ikinjiden bolsa, aýnalaryň iç tarapyny bug tutmazlygy üçin gerekli.

Umuman alanyňda, wagtal-wagtal awtoulagynyň detallaryny gözden geçirip durmak her bir sürüjiniň borjy. Noýabr aýynda ýokarda agzalanlardan başga-da togtadyş ulgamynyň (tormoz), hereketlendirijisiniň sazlaşykly işleýänligini, şeýle hem awtoulagyň daşynyň syrçasynyň abatlygyny gözden geçirmek zyýan etmez. Ýolda garaşylmadyk näsazlyk ýüze çykan halatynda, ulagyň ýük goýulýan bölüminde sürüjä zerur bolan enjamlaryň standart toplumynyň bolmalydyny hem ýatdan çykarmaň. Ýoluňyz ak bolsun!


12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.8k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....