Madridiň “Realy” sosial ulgamlarda 600 mln followere ýeten ilkinji klub boldy

  • 30.10.2024 19:06
  • 7.5k+

Madridiň “Realy” sosial ulgamlardaky ähli resmi akkauntlarynda 600 mln yzarlaýjy görkezijisine ýeten dünýäde ilkinji sport guramasy boldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy Blinkfire analitik platformasyna salgylanyp habar berýär.

“Real” 37 resmi akkaunty ýöretmek bilen, klubuň dürli ugurlaryny, şol sanda erkekler we zenanlar futbol toparlaryny, basketbol bölümçesini we “Santýago Bernabeu” stadionyny görkezýär. Mazmun ýedi dilde – ispan, iňlis, arap, fransuz, portugal, ýapon we hytaý dillerinde elýeterli.

“Bu akkauntlar biziň guramamyza raýdaşlarymyza zerur bolan ýerinde we olara laýyk dilde maglumat we mazmun hödürlemäge mümkinçilik berýär. Klubuň agzalary we madridliler biziň audiowizual we interaktiw materiallarymyzdan lezzet alyp bilýärler” – diýip, beýanda aýdylýar.
“Biz audiowizual we interaktiw materiallary hödürlemek arkaly jemgyýetimizi ýokary hilli mazmun bilen üpjün etmäge çalyşýarys” – diýlip, klubuň resmi beýanynda bellenilýär.

Mundan başga-da, “Real” resmi saýtlara girip görmek boýunça-da iň meşhur futbol kluby adyny saklaýar. SimilarWeb kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, klubuň saýty yzygider sekizinji ýyl futbol klublarynyň arasynda girip görýänleriň sany boýunça lider bolmagynda galýar, saýta aýda ortaça 8,9 mln gezek girip görülýär.


16.06.2026 10:04
5.4k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

13.06.2026 12:33
5.5k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.8k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

10.06.2026 19:10
7.1k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......