Noýabrda seýrek duş gelýän astronomiki hadysany – “Samyr Aýyny” synlamak bolar

  • 30.10.2024 12:18
  • 7.1k+

15-inden 16-njy noýabra geçilýän gije asmanda “Samyr Aýyny”, ýagny Aýyň Ýere seýrek golaýlamasyny synlamak bolar, şonda Aý Ýere 357 428 km golaý geler. Astronomlar şol wagt Ýeriň tebigy hemrasynyň adatdakysyndan 14% uly we 30% ýagty bolýandygyny habar berdiler diýip, RBK habar berýär.

"Samyr Aýy" ýa-da "Samyr dolan Aýy" noýabryň dolan Aýynyň gadymy ady. Aýyň möwsümleýin aýratynlyklaryny atlarda şöhlelendiren Amerikanyň ýerli halklary ony şeýle atlandyrypdyr. Sebäbi bu döwürde samyrlar gyşa işjeň taýýarlyk görýärler, bentleri gurýarlar we ätiýaçlyk azygy toplaýarlar.
Bu adalgany ilkinji gezek 1979-njy ýylda astrolog Riçard Nolle ylmy dolanyşyga girizdi, bu Aýyň Ýere iň golaýlaýan döwrüni aňladýar. Bu Aý dolmasynyň dowamynda Ýeriň hemrasy planetamyza aňrybaş ýakynlaşyp, özboluşly wizual effekt döredýär.
2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aýyň dolmasy “Hasylly Aýdan” soň bolýar we şonuň üçin “Awly aý’ diýlip atlandyrylar. Indiki “Samyr Aýynyň” 2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda bolmagyna garaşylýar. Asman dury bolanda ony adaty göz bilen hem görüp bolýar, ýöne dürbi ýa-da teleskop bolsa, Aýyň ýüzüni has jikme-jik synlabam bolar.


düýn 11:37
4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...