Ykjam ýadro reaktory döredildi. Onuň kuwwaty maglumat merkezlerine energiýa bermäge ýetýär

  • 30.10.2024 12:10
  • 5k+

Deep Atomic kompaniýasy MK60 modully ýadro reaktoryny işläp taýýarlady. 80 m² meýdany bolan gurluş häzirki zaman maglumat merkezlerini işletmek üçin zerur bolan 60 MWt-a çenli elektrik energiýasyny bermäge ukyply we şonça mukdardaky sowadyş güýji bilen üpjün edýär.

Şeýle ykjam reaktorlar, esasanam, emeli aňy, kriptowalýuta amallaryny we bulut hyzmatlaryny goldaýan maglumat merkezleri üçin ajaýyp çözgüt bolup biler.
MK60 reaktory passiw howpsuzlyk ulgamly ýeňil suw tehnologiýasyna esaslanýar we maglumat merkeziniň binasynda gurnamak üçin amatly, bu bolsa energiýa geçirilýän wagtynda ýitgileri azaldýar. Birnäçe reaktor gurlan ýagdaýynda, kuwwaty 1 GWt-a çenli artdyryp, hatda gaty uly maglumat merkezleriniň zerurlyklaryny hem kanagatlandyryp biler.
Deep Atomic-de bellemeklerine görä, bu işläp taýýarlama ugleroda bitarap infrastruktura geçmäge kömek edýär: ýadro energiýasy CO₂-ni bölüp çykarmaýar, bu ekologiýa taýdan arassa taslamalar üçin möhümdir. Kompaniýa eýýäm potensial müşderiler we düzgünleşdiriji edaralar bilen pikir alyşýar.
Öz gezeginde Google we Amazon ýaly iri tehnologiýa kompaniýalary hem maglumat merkezlerini goldamak üçin şuňa meňzeş taslamalary göz öňünde tutýarlar. Şeýle-de, Microsoft hem maglumat merkezleri üçin ýadro çözgütlerine gyzyklanma bildirýär.

düýn 17:37
1.7k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......