Hamzat Çimaýew birinji raundda Robert Uittakerden üstün çykdy

  • 27.10.2024 11:24
  • 23k+

Ýeňilmedik russiýaly söweşiji Hamzat Çimaýew 26-njy oktýabrda Abu-Dabide geçirilen UFC 308 ýaryşynda orta agramda UFC-niň öňki çempiony Robert Uittakeri möhletinden ir ýeňip, karýerasynda iň uly ýeňşini gazandy. Orta agramly söweşijileriň arasyndaky tutluşyk agşamyň ikinji ähmiýetli wakasy boldy.

Söweş başlanandan bary-ýogy ýigrimi sekuntdan soň Çimaýew garşydaşyny parter ýagdaýyna geçirdi. Uittaker üç minutlap üstünlikli goransa-da, Çimaýewiň demikdiriji usulyndan soň, derrew boýun egdi.

Potensial dalaşgärlik söweşinde ynamly ýeňiş gazanandan soň, Hamzat Çimaýew indiki söweşde UFC-niň çempionlyk guşagy ugrunda göreşmek isleýändigini aýtdy. Bu guşagy häzirki wagtda günorta afrikaly orta agramly söweşiji Drikus Dýu Plessi saklaýar.

30 ýaşly russiýaly söweşiji häzir guramada sekiz ýeňişden ybarat tapgyrda barýar we UFC-niň orta agramly söweşijileriniň reýtinginde 13-nji orny eýeleýär. Umuman, onuň hasabynda 14 professional söweşde 14 ýeňiş bar. 

33 ýaşly Uittaker karýerasynda sekizinji ýeňlişine sezewar boldy.


07.06.2026 20:02
6.4k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.9k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.6k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......