Amerikaly türgen gysga suwda 200 metre brass usulynda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

  • 27.10.2024 08:12
  • 2.1k+

Amerikaly Keýt Duglass Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilýän gysga suwda ýüzmek boýunça Dünýä kubogynyň ikinji tapgyrynda 200 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy.

Türgen bu aralygy 2 minut 14,16 sekuntda geçdi. Ol watandaşy Rebekka Soniniň 2009-njy ýylda goýan rekordyny (2.14,57) täzeledi. Ikinji orny awstraliýaly Tara Kinder (2.19,21), üçünji orny Günorta Koreýanyň wekili Pak Si Yn (2.19,58) eýeledi.
Duglass 22 ýaşynda bolup, Pariždäki Oýunlaryň iki gezek Olimpiýa çempionydyr. Şeýle-de, ol dünýä çempionatlarynda dört altyn medal gazandy.
Inçhonda geçirilýän gysga suwda ýüzmek boýunça Dünýä Kubogy 26-njy oktýabrda tamamlanar.


düýn 14:40
2.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

21.06.2026 21:03
1.8k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......