Internetiň tizligini ep-esli ýokarlandyrjak optiki kommutator döredildi

  • 25.10.2024 14:24
  • 8.9k+

Miçigan uniwersitetiniň (ABŞ) gözlegçileri internet we telekommunikasiýa ulgamlaryny düýpli özgerdip biljek doly optiki kommutator döretdiler. Bu barada Nature Communications žurnalynda gürrüň berildi.

Enjam internet magistrallaryndaky päsgelçilikleri ýok edip, optiki süýümden iberilýän maglumatlary elektrik signallaryna öwürmek meselesini çözýär.
Kommutator lazer şöhlesi bilen dolandyrylýan logiki wentil ýaly işleýär. Ol işledilen ýa-da öçürilen ýagdaýda bolup bilýär.
Enjamyň esasynda bir molekula galyňlygy bolan wolframyň diselenidi – ýarymgeçiriji materialdan ýasalan optiki rezonator bar. Lazer ýarymgeçirijidäki gadagan edilen zolagyň inine täsir edýär, bu bolsa ýagtylygyň dykyzlygyny kommutator arkaly modulirlemäge mümkinçilik berýär.
Gözlegiň esasy awtory, aspirant Linsýao Çžou bu enjamyň ähli optiki hasaplaýyş we optiki neýroulgamlaryna tarap ilkinji ädimdigini belleýär.
Mundan başga-da, synaglaryň dowamynda 210 teslalyk psewdomagnit meýdanyny döredýän optiki Ştark täsiri ýüze çykaryldy. Bu açyş ylymda möhüm ähmiýete eýedir.

düýn 19:55
2.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

düýn 18:07
3.5k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

03.06.2026 23:03
5.5k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

03.06.2026 00:14
3.4k+

Beýik Britaniýada gämiler üçin suwda ýüzýän wodorod elektrik stansiýasy synagdan geçirildi

Britaniýanyň deňiz konsorsiumy kenarýaka infrastruktura birikdirilmezden, portda duran ýerinde gämileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen, suwda ýüzýän elektrik stansiýasynyň täze nesli......