“Formula-1” iň çalt aýlaw üçin bonus utugyny ýatyrar

  • 19.10.2024 21:52
  • 3.1k+

Indiki möwsümden başlap, “Formula-1” ýaryşda iň çalt aýlawy görkezen türgenler üçin bonus utugyny ýatyrar. Bu barada Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) metbugat gullugy habar berýär.

FIA-nyň Bütindünýä geňeşi penşenbe güni Parižde geçirildi.
Mundan başga-da, indiki ýyldan başlap toparlaryň täze ýaryşa gatnaşyjylary iki däl-de, dört hökmany türgenleşige çykarmalydygy habar berilýär.
Iň çalt aýlaw üçin utuk 2019-njy ýyldan bäri berilýär. Ýöne munuň üçin ýaryşa gatnaşyjy pellehana ilkinji onlukda gelmeli. 2022-möwsüminden başlap toparlar azyndan iki tapgyrda täze gatnaşyjylary ilkinji anna günündäki türgenleşiklere çekmeli edildi.


şu gün 07:51
2.9k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....