adidas Messi we Bad Bunny bilen hyzmatdaşlykda täze krossowka we butsy çykarýar

  • 18.10.2024 11:17
  • 9k+

adidas kompaniýasy argentinaly futbolçy Lionel Messi we Puerto Rikonyň repçisi Bad Bunny (hakyky ady Benito Antonio Martinez Okasio) bilen bilelikde döredilen Gazelle Indoor krossowkalarynyň täze ýygyndysynyň çykjakdygyny mälim etdi. Bu hyzmatdaşlyk aýdym-saz bilen sporty birleşdirip, ajaýyp krossowkalara täze dizaýn berýär diýip, Sneakerfreak çeşmesi ýazýar.

Täze önümdäki Bad Bunny-niň täsiri, krossowkanyň burnundaky T şekilli nagşynda, Messiniň täsiri bolsa, üýtgeşik "futbol" dizaýn elementlerinde ýüze çykýar. Aýakgap deriden ýasalan, şeýle hem onuň dabanynda adidas-yň “üç zolagyny” ýada salýan deri zolaklary bar.
Modeliň özboluşlylygyny, ondaky Messi-niň we Bad Bunnny-niň gollary görkezýär.

Şeýle hem adidas krossowkalardan soň, Gazelle Indoor dizaýnynyň elementleri bolan F50 butsularyny çykarmagy meýilleşdirýär.  
Bad Bunny-niň, Lionel Messi-niň we adidas-yň ýygyndysynyň relizi 2024-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda bolar. Bir jübütiň bahasy 180 dollar.
Bu hyzmatdaşlyk, muşdaklar üçin krossowka, aýdym-saz we futbol “medeniýetini” birleşdirjek möhüm täzelik bolar.


08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

03.06.2026 15:11
16k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

27.05.2026 10:11
7.9k+

Dünýä çempionatynyň resmi topuna her oýundan öň zarýad bermeli bolar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan resmi topy TRIONDA ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek içine oturdylan ýörite hereket sensoryna eýe boldy we ol her oýnuň......

23.05.2026 13:15
11k+

Bloomberg: Messi milliarder boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan ýedi aý soň «Bloomberg Billionaires Index» sanawyna girdi....