Bestcar: Täze Toyota Corolla doly ýangyçda 2000 km-den gowrak ýol geçip biler

  • 17.10.2024 11:58
  • 8k+

Ýaponiýanyň Bestcar neşiri 2026-njy ýylda çykmagyna garaşylýan Toyota Corolla-nyň ýakyn geljekki nesli barada täze maglumatlary çap etdi. Neşiriň habar bermegine görä, täze model doly ýangyçda we zarýad berlen batareýada 2000 km-den gowrak ýoly geçip bilýän gibrid ulgamynyň täze nesli bilen üpjün ediler.

Esasy täzelik 1,5 litrlik 4 silindrli motory bolan gibrid hereketlendiriji bolar, onuň kuwwaty konfigurasiýasyna baglylykda üýtgäp biler: esasy wersiýasy takmynan 130 at güýji, ondan uly görnüşi 180 at güýji bolar.
Gibrid ulgamyň öndürijiligi bazardaky iň täsirlilerden biri hökmünde ykrar edilen Hytaýyň BYD brendiniň çözgütleri bilen deňeşdiriler. Gürrüň PHEV DM-i platformasy hakda gidýär. Şeýle hem, Toyota ýakyn iki-üç ýylda BYD-nyň bu platformasy esasynda başga-da birnäçe modeli satuwa çykarmagy göz öňünde tutýar.
Bestcar öň Toyota Land Cruiser 300 we Century modelleri barada takyk insaýder maglumatlaryny çap etdi.


düýn 21:15
3.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....