Ronaldu milli ýygyndy üçin resmi oýunlarda 100 ýeňiş gazanan ilkinji futbolçy boldy

  • 14.10.2024 11:34
  • 6.9k+

Milletler ligasynyň Portugaliýa – Polşa oýnunda (3:1) Kriştianu Ronaldu täze rekord goýdy. Duşuşykda ol gol geçirip, Portugaliýa ýeňiş getirdi. Bu ýeňiş hem Ronaldu üçin milli ýygyndyda 100-nji boldy.

Şeýlelikde, Ronaldu milli ýygyndy üçin resmi oýunlarda 100 ýeňiş gazanan taryhda ilkinji futbolçy boldy. Ol ýoldaşlyk oýunlaryny-da hasaba almak bilen ýeňiş sany boýunça Serhio Ramosyň rekordyny gaýtalady – hersinde 131 ýeňiş.
Umuman alanyňda, Ronaldu Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin 215 oýna gatnaşyp, 133 gol geçirdi we 45 assist etdi.
Roberto Martinesiň ýolbaşçylygyndaky Portugaliýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynda öz toparçasynda birinji orny eýeleýär. Topar umumy 7:3 hasaby bilen yzygider üç ýeňiş gazandy.


şu gün 14:15
7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 21:03
2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....